Türkmenistanda maglumat tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýete geçmekligiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi bu döwrebap meseleleriň ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşi üçin wajypdygyny görkezýär. 2018-nji ýylyň noýabrynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Baş maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyny gazanmakdan, obalary we şäherleri maglumat-sanly ulgam taýdan üpjün etmekde tapawutlary mundan beýläk aýyrmakdan ybarat bolan bu Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeler häzirki döwürde köpleri gyzyklandyrýar.

Sanly ykdysadyýetiniň esaslary.
Okadyljak temalaryň atlary
-
Sanly ykdysadyýet barada esasy düşünjeler we onuň işleýiş ýörelgeleri.
Sanly ykdysadyýet we onuň döreýşi barada umumy düşünjeler
Sanlylaşdyrmagyň döwlete we jemgyýete täsiri Sanly ykdysadyýetiň başlangyç tehnologiýalary
-
Sanly ykdysadyýetde işi dolandyrmak.
Sanly ykdysadyýetde işi dolandyrmagyň ýörelgeleri.
Elektron täjirçilik we elektron söwda.
Kraudsorsing we kraudfanding: işewürligiň täze mümkinçilikleri.
-
Senagatyň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň orny.
Döwlet we ýerli häkimiýet dolandyryş edaralarynda sanly tehnologiýalary ulanmak. Sanly hökümet ulgamy.
Türkmenistanyň senagat pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň orny.
-
Sanly ykdysadyýetiň tehnologiki esaslary.
Sanly ykdysadyýetiň tehnologiki esaslary: bulut hasaplamalary, uly göwrümli maglumatlar.
Sanly ykdysadyýetiň tehnologiki esaslary: maglumatlary paýlaşdyrylan usulda saklamagyň Blockchain” tehnologiýasy, “Zatlaryň (enjamlaryň) Interneti”.
-
Sanly ykdysadyýetde howpsuzlyk.
Sanly ykdysadyýetde maglumatlaryň howupsyzlygy. Intellektual eýeçiligiň goraglylygy
Okuwda özleşdirilen materiallar boýunça jemleýji synagy.