Belli bolşy ýaly, islendik taslamanyň üstünligi innowasion önümi öndürmek bilen bagly, web saýty taýýarlamak bilen bagly ýa-da täze mahabat kompaniýasyny ýaýratmak bilen bagly bolsun, tapawudy ýok, şeýle taslamanyň üstünligi ony ýerine ýetirýän toparyň işjeňligine baglydyr. Şeýle toparyň näderejede öndürijilikli işlemekligi, topardaky wezipeleriň dogry paýlanmagy we şuňa meňzeşler göniden-göni taslamany dolandyryja (taslama ýolbaşçysyna) baglydyr. Ýöne köplenç taslamany dolandyryjynyň wezipesiniň, onuň jogapkärçiliginiň, ýerine ýetirýän işiniň çäkleri belli däl bolup galýar. Geliň onuň wezipelerini aýdyňlaşdyralyň. Bu baradaky bilimlere ser salsak taslamany dolandyryjynyň wezipe borçlary taslamanyň öňünde goýlan maksatlara ýetmek üçin taslama topary tarapyndan işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmekligi dogry, tiz we netijeli dolandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle düşünje hakykata has golaýdyr, sebäbi taslamany dolandyryjynyň wezipesi taslamanyň maksadyna ýetmek üçin işi gurnamakdan ybaratdyr. Taslama dolandyryjysyna aşakdaky häsiýetler mahsusdyr:
- Taslama dolandyryjysynyň taslamany dolandyrmak baradaky bilimleri almagy;
- Taslamany dolandyryjynyň taslamany dolandyrmak babatda öz şahsy göreldesini görkezmegi.
- Taslamany dolandyryjynyň taslamany ýerine ýetirmek üçin öz bilimlerini ulanmagy;