• turkmen.it.park@mail.ru
  • turkmen.it.park@yandex.ru
  • +993(65) 82-58-74
  • +993(65) 82-56-28
  • Duş-Anna 9:00 - 21:00

CISCO ulgamlary

Ykdysadyýetiň sanly görnüşe geçýän häzirki döwründe islendik edara- kärhana maglumat tehnologiýalary taýdan hyzmat etmäge degişli obýekt hasaplanylýar. Döwrebap tehnologiýalara edilýän hyzmatlaryň islendik görnüşi maglumatlar tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly bolup durýar. Maglumatlar tehnologiýalarynyň Сisco ulgamlary döwrebap sanly ykdysadyýet ornaşdyrylan edara-kärhanalara maglumatlar tehnologiýalaryny toplumlaýyn we köptaraplaýyn dolandyrmaklygyň ýolbaşçylygyny gurnamak hyzmatyny hödürleýär. Okuwyň dowamynda özleşdirilen bilimler diňleýjilere maglumatlar tehnologiýalary boýunça hyzmatlary netijeli dolandyrmaklygyň çeýe, koordinirlenen we integrirlenen ulgamyny döretmäge ýardam berer. Bu okuw diňleýjilere lokal we global torlary gurmagyň we olaryň işleýşiniň ýörelgelerini, Cisco enjamlarynyň we programma serişdeleriniň düzümini we funksional niýetlenmesini, torlaýyn gurnamalary marştrutizasiýa etmegiň, sazlamagyň we barlamagyň ýörelgelerini öwredýär.

Okadyljak temalaryň atlary

  • Ýönekeý tory gurmak. Kompýuter torunyň komponentleri, topologiýasy we funksiýalary. Kompýuter torunyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri. Toruň bölekleriniň özara gatnaşygy, OSI modeli. Torlaýyn (internet) derejede TCP/IP protokollary. Ulag derejesinde TCP/IP protokollary. Torlaryň bölekleriniň arasynda maglumatlaryň paketleýin geçirilmesi. Ethernet tehnologiýasy.

    Ethernet esasynda lokal torlar (LAN). Tory gurmagyň meseleleri, segmentler we kolliziýalar; lokal toruň kommutasiýasy. Maglumatlaryň paketleýin geçirilmesi we kommutasiýa. Cisco IOS operasion ulgamyň funksiýalary we mümkinçilikleri hem-de komandalary. Cisco IOS komanda setiriniň interfeýsiniň kömegi bilen kommutatorlary dolandyrmak. Cisco kommutatorlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esaslary. Kommutatorlaryň ulanylyşynyň aňrybaş netijeliligini üpjün etmek. Kommutatorlaryň näsazlyklaryny ýüze çykarmagyň we aradan aýyrmagyň esaslary.

    Kanallary agregirlemek. Kanallary agregirlemek boýunça esasy düşünjeler. Kanallary agregirlenmesini sazlamak.

    Simsiz lokal torlar (WLAN). Simsiz torlaryň esasy düşünjeleri. Simsiz torlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri. Simsiz tory gurmak.

    Marşrutizasiýanyň esaslary. Marşrutizasiýanyň funksiýalary we OSI modeli. Hasaplamanyň ikileýin ulgamy. Torda IP-adresi guramagyň çyzgysy. Cisco marşrutizatorlaryň komanda setiriniň interfeýsi. Cisco marşrutizatorlaryny dolandyrmak. Maglumatlaryň paketleýin geçirilmesi we marşrutizasiýa. Cisco marşrutizatorlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esaslary. Toruň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin SDM (Security Device Manager) ulanmak. Marşrutizatory DHCP serweri hökmünde ulanmak. Torlaýyn gurnamalara aralykdan girmek.

    Global torlar. WAN tehnologiýalaryny seljermek. Internete birikmäni üpjün etmek. Statik marşrutizasiýa. Inkapsulýasiýany dolandyrmak. RIP protokolyny sazlamak.

    Torlaýyn gurşawy dolandyrmak. CDP protokoly. Cisco marşrutizatorlarynyň ýüklenmesini dolandyrmak we konfigurirlemek. Cisco torlaýyn gurnamalary dolandyrmak, faýl ulgamy, IOS obrazly faýllar bilen operasiýalar we konfigurasiýalar.

    Jemleýji test

  • Orta ölçegli masştabirlenýän torlary ornaşdyrmak. VLAN we Trunk tehnologiýalarynyň işindäki näsazlyklary aradan aýyrmak.Artykmaçlykly kommutirlenýän topologiýalary gurmak.EtherChannel tehnologiýasynyň kömegi bilen artykmaçlykly kommutirlenýän topologiýalaryň işiniň häsiýetnamalaryny gowulandyrmak. OSI modeliniň üçünji derejesinde artykmaçlyklylyga düşünilişi.

    Toruň işindäki binýatlaýyn näsazlyklary aradan aýyrmak. IPv4-birikmeleriniň işindäki binýatlaýyn näsazlyklary aradan aýyrmak IPv6-birikmeleriniň işindäki binýatlaýyn näsazlyklary aradan aýyrmak.

    EIGRP protokolynyň esasynda dinamiki marşrutizasiýany ornaşdyrmak. IPv4-torda EIGRP protokolynyň aýratynlyklary, ýoly saýlap almak, marşrutlaryň metrikasyny hasaplamak. IPv6-torda EIGRP protokolyny ornaşdyrmak. EIGRP protokolynyň işindäki näsazlyklary aradan aýyrmak.

    OSPF protokolynyň esasynda masştabirlenýän çözgüdi ornaşdyrmak. OSPF protokolynyň komponentleri. IPv4-torlarda birnäçe ulgamlar üçin OSPF protokolyny ornaşdyrmak. IPv6 üçin OSPFv3 giriş. OSPF protokolynyň işindäki näsazlyklary aradan aýyrmak

    Birnäçe ulgamlar üçin OSPF. Birnäçe ulgamlar üçin OSPF işleýiş ýörelgesi. Birnäçe ulgamlar üçin OSPF sazlamak.

    Global torlar (WAN). WAN-tehnologiýalaryna düşünilişi."Nokat-nokat" WAN-birikmeleriniň konfigurasiýasy. GRE-tunnelleriň konfigurasiýasy. EBGP konfigurasiýasy.

    Torlaýyn gurnamalary dolandyrmak. Giriş derejesinde howplary ýüze çykarmagyň we gowşatmagyň tehnikalary. SNMP. APIC-EM we IWAN. Bulutly tehnologiýalaryň binýatlaýyn düşünjeleri. QoS mehanizmleri.

    IOS obrazlary we ygtyýarlandyrma. IOS ulgamlaýyn faýllary dolandyrmak. IOS ygtyýarlandyrmasy.

    Jemleýji test

  • Torlary birikdirmek. Iýerarhik tory taslamalaşdyrmak. Iýerarhik torlary taslamalaşdyrmagyň usullaryny seljermek. Cisco korporatiw arhitekturasy. Täze torlaýyn arhitekturalar.

    LAN artykmaçlylygy. Spanning-tree protokoly düşünjesi. STP protokollarynyň görnüşleri. STP protokolyny sazlamak. Birinji geçirişi rezerwirlemegiň protokoly (FHRP).

    Kanallary agregirlemek. Kanallary agregirlemek boýunça esasy düşünjeler. Kanallary agregirlenmesini sazlamak.

    "Nokat-nokat" birikmesi. "Nokat-nokat" yzygiderli birikmäni seljermek. PPP protokolynyň işleýiş ýörelgesi. PPP protokolyny sazlamak. WAN birikmelerini sazlamak.

    Frame Relay. Frame Relay giriş. Frame Relay sazlamak. Birikmeleri sazlamak.

    IPv4 özgertmek. NAT işleýiş ýörelgesi. NAT sazlanyşy. NAT sazlanyşy.

    Giň zolakly girişiň çözgütleri. Aralykdan işlemek. Giň zolakly girişiň çözgütlerini deňeşdirmek. xDSL birikmelerini sazlamak

    Şahamçara aragatnaşygy goramak. VPN torlary. Obýektleriň arasyndaky GRE tunnelleri. IPsec hakynda umumy maglumatlar. Aralykdan girmek.

    Toruň monitoringi. Syslog. SNMP. NetFlow.

    Tory sazlamak. Ulgamlaýyn çemeleşmäni ulanmak bilen näsazlyklary gözlemek we aradan aýyrmak. Tory sazlamak.

    Jemleýji test