Linux operasion ulgamy uly meşhurlykdan peýdalanýar - Internetiň serwerleriniň aglabasy bu platformanyň dolandyryşynyň astynda işleýär. Administratorlaryň wezipesi bu çözgütleriň üznüksiz işlemegini üpjün etmekden, täze maksatnama we apparat ulgamlaryny ornaşdyrmakdan hem-de köpsanly wezipeleri awtomatizirlemekden ybaratdyr. Bu bilimlere we başarnyklara eýe bolan hünärmenler häzirki wagtda örän gerekli işgärlerdir. Biziň okuwymyzyň aglaba uçurymlary üstünlikli zähmet ýoluna başlaýarlar we iş berijileriň hormatyndan peýdalanýarlar. “Linux” okuwynyň maksady hünärmenleriň Linuxe bolan başarjaňlyklaryny artdyrmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ulanmak bilen öz işleýän edara-kärhanasynyň operasion ulgamyny we maglumat gorlaryny döretmek we işjeň ýagdaýda saklamak bolup durýar.

LINUX
Okadyljak temalaryň atlary
-
Linux. 1-nji dereje. Debian, Ubuntu, CentOS ulgamlaryny administirlemegiň esaslary.
Distributiwi saýlap almak, ulgamy gurnamak we seljermek
Tory sazlamak we testleşdirmek
Linux/UNIX howpsuzlyk ulgamy
Maksatnama üpjünçiligini dolandyrmak
Serwisleri dolandyrmak
Faýl ulgamlaryny dolandyrmak
Ätiýaçlyk kopiýalamasy we dikeltme
Öndürijiligi seljermek we ulgamy optimizirlemek
Linux ulanyjynyň iş stansiýasy hökmünde ulanmak
-
Linux. 2-nji dereje. Serwisleri we torlary administirlemek.
Kärhananyň torunyň şlýuzyny sazlamak
DHCP serwisi
DNS serwisi
HTTP proxy serwisi
Takyk wagt serwisi
Faýl serwisleri.
HTTP serwisi
Elektron poçta serwisi
Paketleriň filtrasiýanyň we adresleriň translýasiýasynyň serwisleri
Ulanyjylaryň Internete girişini dolandyrmak
-
Linux. 3-nji dereje. Ulgamlaryň, serwisleriň we torlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek.
Kärhananyň torunda howpsuzlyk parametrleri we serwisleri ýerleşdirmek
Kärhananyň informasion ulgamlaryny howpsuzlyk nukdaý nazaryndan seljermek
Kärhananyň ulgamlaryny operasion ulgam derejesinde goramak
Kärhananyň serwislerini goramak
Kärhananyň toruny goramak
Kärhananyň torunda VPN ulanmak
-
Linux. 4-nji dereje. Microsoft korporatiw çözgütleri bilen integrirlemek.
Kärhana toruny ýerleşdirmek
UNIX tassyklamak we ygtyýarlandyryş mehanizmleriniň retrospekti
Häzirki zaman UNIX tanamak we awtorizasiýa mehanizmleri
Kerberos protokolony ulanyp autentifikasiýa etmek
Protokol LDAP
CIFS faýl hyzmatyny amala aşyrmak üçin Samba3 paketini ulanmak
Windows Workstation ulanyjylaryny tassyklamak üçin Kerberos Realm-dan peýdalanmak
Geterogen torlarda tanamak we awtorizasiýa üçin Microsoft AD-ny ulanmak
WINBIND hyzmatyny ulanmak
Samba4 paketini domen dolandyryjysy hökmünde ulanmak
Autentifikasiýa we awtorizasiýa tehnologiýalaryny, olaryň oňyn we negatiw taraplaryny deňeşdirmek.
-
Linux. 5-nji dereje. Zabbix. Kärhananyň IT-infrastrukturasynyň monitoringi .
Kärhananyň IT-infrastrukturasyny ýaýbaňlandyrmak
Zabbix komponentlerini gurnamak
Galyplary ulanmak
Pes derejeli anyklama
Wakalar hakynda habarnamalary sazlamak
Enjamy awtomatiki anyklamak
SNMP protokoly boýunça enjamlaryň monitoringi
Zabbix-de monitoringiň goşmaça mümkinçilikleri
-
Linux. 6-nji dereje. Bökdençlige garşy durnukly klaster çözgütlerini döretmek.
Klasteriň ulgamlaryny we toruny ýaýbaňlandyrmak
Klasteriň halkalarynyň konfigurasiýalaryny sinhronizirlemek
Bökdençlige garşy durnuklylygyň integrirlenen goldawy bilen serwisleri ýaýbaňlandyrmak
Internetde bökdençlige garşy durnukly şlýuzy ýaýbaňlandyrmak
Klasteriň serişdelerini dolandyrmagyň ulgamyny ulanmak
Bökdençlige garşy durnukly faýl serwislerini ýaýbaňlandyrmak
Bökdençlige garşy durnukly konfigurasiýada konteýnerleri ýaýbaňlandyrmak