• turkmen.it.park@mail.ru
  • turkmen.it.park@yandex.ru
  • +993(65) 82-58-74
  • +993(65) 82-56-28
  • Duş-Anna 9:00 - 21:00

Mental arifmetika

“Mental arifmetika” ugry boýunça okuw – bu dürli arifmetiki ýumuşlary “Abakus” (matematiki düşünjeleri kämilleşdirmek üçin ýörite niýetlenen okuw guraly) ulanmak arkaly ýerine ýetirmäge ýardam berýän, adam beýnisiniň işjeňlik ukybyny artdyrýan ulgamdyr. “Mental arifmetika” okuwy diňleýjiniň intellektual we döredijilik ukybyny doly açmaga ýardam berýän, diňleýjiniň aň we döredijilik ukybyny arabaglanyşykda ösdürýän ajaýyp usuly ualanmaklyga esaslanandyr.

Okadyljak temalaryň atlary

  • Mental arifmetika bilen tanyşlyk. Abakus we onuň gurluşy: “doganlar” we “dostlar” düşünjesi. Düwmeleri geçirmegiň düzgünleri, baş we süýem barmaklary ulanmagyň usullary.

    Abakusda 1-9 sanlar bilen tanyşlyk. 1-9 sanlary abakusda goşmak we aýyrmak.

  • Abakusda 10-99 sanlar bilen tanyşmak. 10-99 sanlary abakusda goşmak we aýyrmak bilen bagly ýönekeý ýumuşlary ýerine ýetirmek.

  • Abakusda üç belgili sanlar bilen tanyşmak. 100-999 sanlary abakusda goşmak we aýyrmak bilen bagly ýönekeý ýumuşlary ýerine ýetirmek.

  • “Doganyň kömegi” usulyny ulanmak arkaly bäşligiň kömegi bilen goşmak.

    Bäşligiň kömegi bilen goşmak usulynda ýönekeý mysallar.

    “Doganyň kömegi” usulyny ulanmak arkaly goşmak bilen bagly mysallary işlemek.

    “Doganyň kömegi” usulyny ulanmak arkaly bäşligiň kömegi bilen aýyrmak.

    Bäşligiň kömegi bilen aýyrmak usulynda ýönekeý mysallar.

    “Doganyň kömegi” usulyny ulanmak arkaly aýyrmak bilen bagly mysallary işlemek.

  • “Dostuň kömegi” usulyny ulanmak arkaly onlugyň kömegi bilen goşmak.

    9,8 sanlary goşmagyň formulasy, onlugy goşmagyň ýönekeý mysallary.

    7,6 sanlary goşmagyň formulasy, onlugy goşmagyň ýönekeý mysallary.

    5,4 sanlary goşmagyň formulasy, onlugy goşmagyň ýönekeý mysallary.

    3,2,1 sanlary goşmagyň formulasy, onlugy goşmagyň ýönekeý mysallary.

    “Dostuň kömegi” usulyny ulanmak arkaly onlugy goşmagyň ýönekeý mysallary.

    “Dostuň kömegi” usulyny ulanmak arkaly onlukdan aýyrmagyň ýönekeý mysallary.

    9,8 sanlary aýyrmagyň formulasy, onlukdan aýyrmagyň ýönekeý mysallary.

    7,6 sanlary aýyrmagyň formulasy, onlukdan aýyrmagyň ýönekeý mysallary.

    5,4 sanlary aýyrmagyň formulasy, onlukdan aýyrmagyň ýönekeý mysallary.

    3,2,1 sanlary aýyrmagyň formulasy, onlukdan aýyrmagyň ýönekeý mysallary.

    “Dostuň kömegi” usulyny ulanmak arkaly onlukdan aýyrmagyň ýönekeý mysallary.

  • Kombinirlenen usulda goşmak. Kombinirlenen usulda goşmagyň formulasy we ýönekeý mysallary

    Kombinirlenen usulda goşmak we aýyrmaga degişli mysallar

    Kombinirlenen usulda goşmak we aýyrmaga degişli test

  • Mental arifmetika okuwynda geçilen okuw materiallary boýunça jemleýji synag.