• turkmen.it.park@mail.ru
  • turkmen.it.park@yandex.ru
  • +993(65) 82-58-74
  • +993(65) 82-56-28
  • Duş-Anna 9:00 - 21:00

Elektron resminama dolanyşygy

Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter üýtgeýär, adamlaryň aň-bilime we iş endiklerine bildirýän talaplary artýar.

Okadyljak temalaryň atlary

  • Elektron resminama dolanyşygy ulgamyna giriş.

    Elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmagyň aýratynlyklary.

    Kärhanada elektron resminama dolanyşygyny döretmeklige edilýän esasy talaplar.

  • Resminamalary işläp taýýarlamagyň tertibi. Resminamalary kabul etmek, işläp taýýarlamak we ugratmak.Elektron resminamalary hasaba almagyň ýörelgeleri we görnüşleri. Gelip gowuşýan, içerki we ugradylýan resminamalary hasaba almagyň tertibi.

    Elektron resminama dolanyşygyny kämilleşdirmegiň guramaçylyk we tehnologiki usullary. Elektron resminamalar akymyny kämilleşdirmek.

    Elektron resminama dolanyşygy ulgamy şertlerinde resminama dolanyşygyna seljerme geçirmek. Kärhanadaky resminama hereketiniň tertibi. Resminama aýlawynyň möçberiniň hasabaty.

  • Görkezme görnüşli resminamalary taýýarlamagyň taslamasy (buýruklary taýýarlamagyň esasynda). Dolandyryş resminamalaryny taýýarlamgyň çäklerinde buýruklary taýýarlamak: resminamanyň taslamasyny taýýarlamak, elektron şablon üçin rekwizitleri girizmek, saklamaklygyň görnüşi we möhleti.

    Buýruklaryň klassifikasiýasy, adaty görnüşleri. Tekste bolan talaplar. Gol çekmegiň we tassyklamagyň tertibi. Elektron gollary çekmek. Tekste düzedişler we goşmaçalar girizmek.

  • Işewürlik hat alşygynyň esasy görnüşleriniň häsiýetnamalary we hat ýazmaklygyň aýratynlyklary: ýüzlenme haty, haýyşnama haty, jogap haty, ugradyjy hat, maglumat haty, kepillik haty, habarnama, çakylyk haty, gutlag haty, minnetdarlyk haty, gynanç bildirmek haty we ş.m.

    Işewürlik hatynyň dili we ýazylyş usuly. Işewürlik hatynyň düzülişine edilýan esasy talaplar (haty düzmekligiň neýtral tony, takyklyk, aýanlyk). Işewürlik hatynda ulanylýan söz kategoriýalarynyň aýratynlyklary. Resminamalaryň tekstinde resmi atlandyryşlaryň ýazylyş düzgünleri.

    Raýatlaryň we ýuridiki taraplaryň ýüztutmalary boýunça işleri gurnamak. Müşderileriň şikaýatlaryna jogap bermek.

  • Şertnama- bu guramaçylyk-hukuk häsiýetli resminamadyr. Şertnamalaryň ulanylyşy we aýratynlyklary.

    Şertnamalaýyn iş- bu elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň bir bölegidir.

    Ulanyjylar üçin şertnamalaryň arhiwini döretmek, arhiwe girmek üçin rugsatlary dolandyrmak.

    Elektron resminama dolanyşygynda şertnamalar bilen işlemekligiň modulyny konfigurirlemek.

  • Elektron arhiw işini gurnamak. Arhiwleriň görnüşleri. Uly bolmadyk kärhanalaryň arhiwleri, ylmy-tehniki resminamalaryň arhiwi, uly kärhanalaryň arhiwleri, döwlet kärhanalarynyň arhiwleri.

    Elektron arhiwi toplamak: ýeke-täk maglumat ulgamy üçin- kärhanada taýýarlanan resminamalar, kärhana gelip gowuşýan resminamalar; maglumatlar ulgamynyň arhiwi üçin: elektron resminama dolanyşygy ulgamyndan alynýan resminamalar.

    Elektron resminamalary hasaba almagyň aýratynlyklary.

    Elektron resminamalary saklamak we olaryň goraglylygyny üpjün etmek. Maglumatlar ulgamynda saklamak: Etalon görnüşdäki maglumatlar gory, gündelik ulanylýan maglumatlar gory.Ätiýaçlyk göçürme (IT-Backup).

    Resminamalary ýok etmek üçin saýlap almak.

    Tamamlaýjy synag.