• turkmen.it.park@mail.ru
  • turkmen.it.park@yandex.ru
  • +993(65) 82-58-74
  • +993(65) 82-56-28
  • Duş-Anna 9:00 - 21:00

Robot tehnikasy

Bilim bermek häsiýetli wezipeler:

  • Robot tehnikasy boýunça okuwyň dowamynda diňleýjilerde innowasion- döredijilik işini kämilleşdirmek;
  • Okuw sapaklarynyň dowamynda ýüze çykýan bilim bermek maksatly ýagdaýlaryň, belli bir modeli ýasamak boýunça meseleleriň, grafikanyň piktogrammalarynyň kömegi bilen robotyň hereketiniň algoritmini ýazmagyň üsti bilen emele gelen okuw bilen bagly köpugurly herketleri kämilleşdirmek;
  • Ylmy-tehniki progresiň sosial we ahlak düşünjelerini emele getirmek.
  • Aň-düşünjäni ösdürmek häsiýetli wezipeler:
  • Birek-biregiň işine baha bermek endigini kämilleşdirmek;
  • Refleksiýanyň, özbaşdak öwrenmekligiň we öz ornuňy kesgitlemegiň endiklerini kämilleşdirmek;

Okadyljak temalaryň atlary

  • Robot tehnikasyna giriş.

    Robot näme? Robotyň duýgy organlary.

  • Programmalary girizmek. Kontrollerleri dolandyrmak. Dolandyryş programmasynyň interfeýsi. Programma äpişgesi, komanda palitrasy, dolandyryş pulty.

    Içine oturdylan programma üpjünçiligi (proşiwka). Programmany ýüklemek. Robota dolandyryş koduny girizmek. Öňe hereket. Hereketiň ugry.

    Işläp taýýarlamak döwründäki programmirleme. Programmirlemegiň kadalary.

  • Labirint boýunça hereket. Hereketlendirijiniň kuwwaty.

    Tizlik we ugur. Öwrüm we yza öwrüm.

    Takyk hereket. Hereketlendirijiniň tizligini elde sazlamak.

    Hereketlendirijini dolandyan signallara gözegçilik etmek.

    Öňe hereket wagtynda hereketlendirijiniň sinhronizasiýasy..

    Labirint boýunça hereket wagtynda hereketlendirijiniň sinhronizasiýasy.

  • “Galtaşma” datçigi. Päsgelçiligi duýmak.

    Düzüm: While (wagtlaýyn) tapgyry.

    “Ultrases” datçigi. Päsgelçiligi duýmak.

    Yşyk datçigi. Çyzygy görmek.

    Ýagtylandyryş datçiginiň işleýiş prinsipi.

    Gara çyzygy görmek funksiýasy.

    Çyzygy yzarlamak funksiýasy.

    Bir datçigiň kömegi bilen çyzygyň ugry boýunça hereket.

    Iki datçigiň kömegi bilen çyzygyň ugry boýunça hereket.

    Taýmer. Çyzygy yzarlamak.

    Aýlawlaryň datçigi. Çyzygy yzarlamak.

  • Üýtgeýän hereketler. Giriş ýagdaýyny awtomatiki usulda tapmak.

    Üýtgeýän hereketler we olaryň funksiýalary.

    Awtomatiki usulda sazlamak ýörelgesi.

    Jemleýji test