• turkmen.it.park@mail.ru
  • turkmen.it.park@yandex.ru
  • +993(65) 82-58-74
  • +993(65) 82-56-28
  • Duş-Anna 8:30 - 21:30

Maglumat tehnologiýalaryň taslamalarynyň dolandyrylyşy

Ykdysadyýetiň sanly görnüşe geçýän häzirki döwründe islendik edara - kärhana maglumat tehnologiýalary taýdan hyzmat etmäge degişli obýekt hasaplanylýar. Döwrebap tehnologiýalara edilýän hyzmatlaryň islendik görnüşi maglumatlar tehnologiýalaryny ulanmak bilen bagly bolup durýar. Maglumatlar tehnologiýalarynyň ITIL, COBIT, Prince2, PMI PMBOK standartlary döwrebap sanly ykdysadyýet ornaşdyrylan edara-kärhanalara maglumatlar tehnologiýalaryny toplumlaýyn we köptaraplaýyn dolandyrmaklygyň ýolbaşçylygyny gurnamak hyzmatyny hödürleýär. Okuwyň dowamynda özleşdirilen bilimler diňleýjilere maglumatlar tehnologiýalary boýunça hyzmatlary netijeli dolandyrmaklygyň çeýe, koordinirlenen we integrirlenen ulgamyny döretmäge ýardam berer.

Okadyljak temalaryň atlary

  • ITIL modeliniň düzümi. Hyzmatlary dolandyrmagyň esasy konsepsiýasy.

    Gymmat. Gymmaty bilelikde döretmek.

    Hyzmaty üpjün edijiler, hyzmatdan peýdalanyjylar, beýleki gyzyklanýan taraplar.

    Hyzmatlar we önümler.

    Hyzmatlary teklip etmek, hyzmatlar boýunça gatnaşyklar. Hyzmatlar boýunça gatnaşyklaryň modeli.

    Gymmatlyklar: gymmatlyklar boýunça gazanylan netijeler, harajatlar, töwekgelçilikler.

    Hyzmatlary dolandyrmagyň dört aspekti. Guramalar we adamlar. Maglumatlar we tehnologiýalar. Işewür hyzmatdaşlar we üpjün edijiler. Gymmatlyklary döretmegiň akymlary we prosesler.

    Daşarky faktorlar. Guramaçylyk başarnyklylygy we durnuklylyk.

    ITIL dolandyryş häsiýetli prinsipleri. Guramaçylyk dolandyryşy. Maglumatlary goramak dolandyryşy.Taslama dolandyryşy.Guramaçylygy üýtgetmekligiň dolandyryşy. Özara gatnaşyklaryň dolanddyryşy. Töwekgelçiligiň dolandyryşy. Hyzmatlaryň maliýa taýdan dolandyryşy. Üpjün etmekligiň dolandyryşy.

    Jemleýji test.

  • COBIT barada umumy düşünjeler we taryhy. COBIT ulanmaklygyň artykmaçlygy. COBIT-iň beýleki standartlar (ITIL, PRINCE 2, TOCAF, ISO/IEC 38500, 31000, 27000) bilen aragatnaşygy.

    COBIT-iň bäş sany esasy ýörelgeleri. Kärhana toplumlaýyn garaýyş. Ýeke-täk integrirlenen usulyýeti ulanmak. Ulanylýan usulyň bitewiligini üpjün etmek. Ýolbaşçylyk etmek we dolandyrmak düşünjeleriniň aratapawudyny aýdyňlaşdyrmak.

    Täsir etmekligiň ýedi faktory. Syýasatlar, ýörelgeler we çemeleşmeler. Prosesler. Guramaçylyk düzümi. Medeniýeti, etikasy, özüni alyp baryşy. Maglumat. Hyzmatlar, infrastrukturasy we goşundysy. Adamlar, tejribeler we ygtyýarlyklar.

    COBIT prosesleriniň mümkinçilikleriniň modeli. COBIT we ISO/IEC 15504 prosesleriniň mümkinçilikleriniň standarty. COBIT (COBIT Capability Model and assessments) mümkinçilikleriniň we olara berilýän bahalaryň modellerine syn.

    COBIT-i girizmeklik boýunça maslahatlar.Durmuş tapgyrlary (Life cycle). Içerki we daşarky faktorlara düşünmek.

    Jemleýji synag.

  • IT dolandyrmagyň ulgamynda taslamalary dolandyrmagyň roly.

    IT-taslamalaryň aýratynlyklary.

    ITIL® 4.0 dolandyryş tejribeleri (prosesleri).

    PRINCE2 Taryhy, ideologiýasy, statusy, düzümi, ýörelgeleri.

    PRINCE2 bölümler.

    PRINCE2 prosesler.

    PMI PMBOK® standartyň esasynda taslamalary dolandyrmak.

    PMI PMBOK® standarty boýunça taslamanyň mazmunyny, möhletini, bahasyny dolandyrmak.

    PMI PMBOK® standarty boýunça taslamanyň hilini, adam üpjünçiligini, töwekgelçiliklerini, üpjünçiligini dolandyrmak.

    Jemleýji synag.