«Blokçeýn tehnologiýasy» binýatlaýyn okuwy has giň auditoriýa niýetlenendir we dürli ugurlardaky hünärmenlere: ykdysatçylara, hukukçylara, maliýe menejerlerine, şeýle hem kärhanalaryň ýolbaşçylaryna we hususy telekeçilere peýdaly bolar. Okuwyň maksady - sanly dünýädäki häzirki zaman meýiller hakynda bilim bermek, adalgalara düşünmäge, tehnologiýanyň nädip işleýändigine we onuň iş ýüzünde nädip ulanyp boljakdygy hakynda düşünmäge kömek etmek.

Blokçeýn tehnologiýasy
Okadyljak temalaryň atlary
-
"Blokçeýn" - bu näme?
Blockchain tehnologiýasyna giriş. Tranzaksiýalar we olaryň düýp mazmuny.
Akylly şertnamalar. Solidity programmirlemäniň dili. Sanly gol düşünjesi. Açyk we ýapyk açar. Şifrlenen açarly maglumatlary alyşmak.
Hash funksiýa düşünjesi. Hash funksiýanyň ulanylyşy.
Kriptowalýutanyň arhitekturasy. Bitkoin.
-
Elektron pullar.
Pullar dünýäsiniň transformasiýasy. Alternatiw pullar. Walýuta ynamly garamagyň ýörelgeleri. Tranzaksiýalaryň tizligine bildirilýän talaplar.
Hümmetsizlenme we sanly walýutalaryň kurslary.
Sanly ykdysadyýetiň meseleleri.
-
Paýlanan hasaplamalar we blokçeýn.
Tranzaksiýalaryň bahasy we işlenilýän wagty.
Şahalanma, forklaryň (fork) peýda bolmagy.
Şahalanmada tranzaksiýalaryň taryhynyň birmeňzeş dälligi. Şahalanmalaryň görnüşleri.
-
Akylly şertnamalar we kriptowalýutalaryň beýleki ulanyşy.
Akylly şertnamalar.
Efirium.
IoT (zatlaryň Interneti) üçin çözgütler.
Ýöriteleşdirilen kriptowalýutalar.
-
Blokçeýniň mysallary.
Täze telekeçilik modelleri, mümkinçilikler we töwekgelçilikler Maýningiň umumy ýörelgeleri.
Şifrlemegiň algoritmleriniň görnüşleri we maýningde tehniki ýörelge.
Solo-maýning ýa-da pulda maýning. Maýning telekeçiligini guramak. Töwekgelçilikler we harajatlar.
-
Blokçeýniň ulanylyşy.
Sanly walýutalaryň gyzgyn we sowuk saklanyşy.
Onlaýn gapjyklar.
Walýutalaryň alyş-çalşy.
-
Anonimlik we maglumatyň açylmagy.
Blokçeýn torda nähili maglumatlar bar.
Bitkoiniň, Efiriumyň we beýleki kriptowalýutalaryň howpsuzlygy.
Kim we nädip tora täsir edip bilýär.
Okuwda özleşdirilen maglumatlar boýunça gutardyş synagy.