• turkmen.it.park@mail.ru
  • turkmen.it.park@yandex.ru
  • +993(65) 82-58-74
  • +993(65) 82-56-28
  • Duş-Anna 9:00 - 21:00

Elektron Okuw

Soňky onýyllyklaryň dowamynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşini kesgitleýär. Web, bulut hyzmatlary, akym multimediýasy, ykjam goşundylar, üsti ýetirilen hakykylyk adam durmuşynyň ähli ugurlarynda diýen ýaly ulanylýar. Internetden we web tehnologiýalaryndan baş çykarmak, dürli elektron çeşmelerden gerek maglumaty tapmagy, almagy we ony seljermegi başarmak, wirtual gurşawda gatnaşyk saklamak we özara arkalaşykly hereket etmek endikleri häzirki döwrüň iş berijileriniň mümkinçilikli işgärlere hökmany suratda bildirilýän talaplarydyr. Şunuň bilen baglylykda, bilim berýän merkezleriň wezipesi belli ugurly bilimlerden başga, goşmaça başarnyklary bolan hünärmeni köptaraplaýyn taýýarlamakdan ybarat. Olara, hususan-da, öz-özüňi guramak we öz-özüňi sazlamak bilen okuwa, şeýle hem häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak bilen durmuş taýdan özara ylalaşykly hereket edip bilmek degişli. Elektron okuw düşünjesi bilim almaga elýeterliligi we onuň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen interneti we multimediýa tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanan okatmagyň innowasiýa usuly hökmünde esasy bolup durýar. “Elektron okuw” okuwynyň wezipeleri döwlete dahylly we döwlete dahylsyz, senagatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmek we şeýle başarnyklary öz işlerinde özbaşdak ulanyp bilmeklerini gazanmak bolup durýar.

Okadyljak temalaryň atlary

  • Elektron okuwyň ösüş taryhy we dünýä tejribesi. Uzak aralykdan işleýän tehnologiýalar.

    Elektron okuwyň aýratynlyklary.

    Elektron okuwy dolandyrýan ulgamlar.

  • Moodle ulgamynyň interfeýsi. Elektron okuwynyň sazlanmalary.

    Okuwyň düzümini kemala getirmek. Serişdeleri (faýllary,şekilleri,wideo-we audiofaýllary, gipersalgylanmalary), döretmek we olary elektron okuwa goşmak.

    Test ýumuşlaryny banky bilen işlemek. "Test" okuwynyň elementi.

    Moodle ulgamynda "Leksiýa" guralyny ulanmagyň aýratynlyklary.

    Ýumuş Moodle ulgamyndaky elektron okuw elementi hökmünde. Moodle ulgamynda okaýanlaryň işine baha berilmegini guramak.

    Moodle kommunikatiw mümkinçilikleri. Bilelikdäki kontenti, glossarini, çaty, forumy, elektron kabineti döretmegiň gurallary.

  • Bilim beriş prosesinde elektron okuwy ulanmagyň mysallary.

    Özbaşdak iş maslahat.

    Okuwda özleşdirilen materiallar boýunça gutardyş synagy.