Startup bäsleşigi

Startup bäsleşigi

“Türkmen Maglumat tehnologiýalar Parky” startap bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady: ýaşlaryň telekeçilik işine ýardam etmek.

Bäsleşige gatnaşmagyň peýdalylygy:

– Meýilleşdirilýän biznes-taslamaňyň işjeňligini barlap bilersiňiz;

– Döreden önümiňizi bazara gysga wagtda çykaryp bilersiňiz;

– Hemaýatkärler üçin gyzykly taslama taýýarlap bilersiňiz.

Kabul edilýän taslamalaryň ugry:

Bäsleşige maglumat tehnologiýalar bilen baglanyşykly dürli ugurlarda (saglyk, bilim,  maliýe, önümçilik, telekeçilik we başgalar)  ulanyljak taslamalar kabul edilýär.

Bäsleşige hödürlenýän Taslamalara edilýän talaplar:

  1. Gatnaşyjylaryň ýaşy 32 ýaşdan uly bolmaly däl.
  2. Taslama 1 adamyň adyndan  ýa-da topar (2-3 adam) bilen gatnaşmak bolýär.
  3. Taslama ilat ýa-da kärhana üçin derwaýys meseleleri çözmelidir.

Bäsleşige 20 sany taslama saýlanar. (2020-nji ýylyň iýun aýy).

Saýlanan taslamalaryň awtorlary üçin telekeçilik ugrundan okuw hödürlener.

Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler.

  1. 20 taslamadan 10 sany taslama saýlanar. (2020-nji ýylyň iýul aýy).
  2. 10 taslamadan 2 sany taslama bäsleşigiň finalyna geçer. (2020-nji ýylyň awgust aýy).
  3. Bäsleşigiň finaly 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriler

Bäsleşigiň ýenijisi hemaýatkärleriň goldagyna we baýraga mynasyp bolar.

Bäsleşige gatnaşmaga höwes bildirenler arzasyny itpark.com.tm saýtyň “Startup” bölüminde tabşyryp biler ýa-da hat üsti bilen mredjep@gmail.com

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *